Röwşen Meredow: “Garşydaşymyzyň oýnuny biz çempionatdaky duşuşyklarymyzda gowy öwrendik”

07:2611.04.2018
0
5553

Şu gün, 10-njy aprelde “Ahal” bilen “Altyn Asyryň” arasyndaky oýundan öňki metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

Röwşen Meredow, “Ahal” toparynyň baş tälimçisi:

- Oýna taýýarlygyňyz hem-de toparyňyzda şikes alan oýunçylaryňyz hakynda gürrüň berseňiz?

- Wajyp duşuşyga türgenleşiklerimiz adaty ýagdaýda geçdi. Bilşiňiz ýaly Türkmenistanyň futbol çempionatynyň oýunlaryny hem geçirdik. Şol sebäpli, oýna doly taýýar derejede geldik. Hemme toparda hem bolşy ýaly oýunçylarymyzyň käbirlerinde kiçili-ululy şikesler bar. Häzirki wagtda ertirki esasy 11-ligimizi aýdyp bilmeris. Hemmesi oýun güni çözüler.

- AFK-nyň Kubogyndaky soňky duşuşygyňyzda gyrgyzlaryň “Alaýyny” uly hasap bilen ýeňdiňiz. Şondan soň ýerli çempionatyň çäginde geçiren duşuşyklaryňyzda oýun babatynda kynçylyk çekdiňiz. Munuň sebäbi nämeden ybarat?

- Umuman AFK-nyň Kubogyndan soň ýerli çempionatyň oýunlary başgaçarak ýagdaýda geçýär. Diňe bir “Alaýyň” garşysyna geçiren oýnumyz däl, eýsem-de AFK-nyň saýlama tapgyrlaryna ýanwar aýyndan bäri gatnaşyp gelýäris. Degerli derejede türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem geçirip bilmedik. Şol sebäpli, ýadawlygam, oýnumyzda hem pese gaçyşlyk duýulýar. Bu adaty ýagdaý.

“Merwiň” garşysyna soňky tapgyrda geçiren duşuşygyňyzda ynamly ýeňiş gazandyňyz. Diýmekçi bolýanymyz, “Ahal” oz oýnuny tapdymy?

- Öz oýnumyzy tapdyk diýip doly derejede aýdyp bilmeris. Emeli örtükli meýdanda oýun geçirmek oýunçylara örän kyn düşýär. Şu ýagdaýyň hem oýnumyza öz täsirini ýetirýändigini aýdyp geçeýin. Hasabyň 5:1 bolandygyna garamazdan, edil ynamly ýeňiş gazandyk diýip aýdyp bolmaz. Özüňiz bilýänsiňiz, oýnuň birinji ýarymyndan soň hasap 1:1-di. Nämede bolsa soňky oýnumyzda tejribe ilkinji orna çykdy.

- Şikesi zerarly birnäçe duşuşyga gatnaşyp bilmedik “Ahalyň” esasy derwezeçisiniň taýýarlyk derejesi nähili ýagdaýda?

- Şikesinden saplandy. Nesip bolsa ertir Batyr Babaýewiň esasy düzümde meýdana çykmagyna garaşýas.

- “Altyn Asyr” diňe bir toparçanyň däl, eýsemde AFK-nyň Kubogynyň hem esasy dalaşgäri hasaplanýar. Güýçli garşydaşa taýýarlygyňyz adatdakylardan tapawutly boldumy?

- Adaty türgenleşiklerimizi üýtgetmedik. “Altyn Asyryň”oýnuny biz çempionatdaky duşuşyklarymyzda gowy öwrendik. Duşenbe şäherinde geçiren oýnumyzyň yzysüresi hem men toparçanyň esasy dalaşgärleri “Altyn Asyr” bilen “Istiklolyň” boljakdygyny belläp geçipdim. “Istikloldyr” “Alaý” bilen biz duşuşyk geçirdik, “Altyn Asyryň” güýjüni ýerli çempionatdaky duşuşyklarymyzdan bilýäris. Ýöne biz bu toparlaryň hiç birinden hem çekinemizok. Biz öz oýnumyzy ýola goýup, her oýunda diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykýarys.   

- Täze transferiňiz Guwanç Abylow AFK-nyň duşuşyklarynda esasy düzümde meýdana çykdy. Türkmenistanyň çempionatyndaky soňky duşuşyklaryňyzda bolsa ätiýaçlyk oturgyjyndan meýdana girdi. Munuň sebäbi şikes bilen baglymy? “Ahalyň” ezber oýunçysyny ertirki oýunda esasy düzümde görüp bilerismi?

- Ýene-de bir gezek belleýärin ertirki oýunda kimiň esasy düzümde çykjakdygy duşuşygyň öňýany belli bolar. Elbetde, Guwanjy düzümimize alanymyzda oňa uly ynam bildirdik. Guwanjyň toparymyza uly goşant goşup biljekdigi sebäpli biz ony düzümimize goşduk. Onsoňam, biziň toparymyzda 27 oýunçy bar, olaryň islendigi hem gerekli ýerinde biri-birini çalyşmaga mümkinçiligi bar. Her wagt her hili ýagdaý ýüze çykyp bilýär. Şikesmi, taktika ýagdaýmy, garaz oýna, ýagdaýa görä düzümimizi üýtgedip durus. Guwanjyň hem belli-belli duşuşykda esasymy, ätiýaçlyk oturgyjyndanmy meýdana çykjagy tälimçiniň gelen netijesine bagly.

- Guwanjyň şikesi barmy ýa-da...

- Şikesi hem aradan aýramyzok. Umuman, bu ýagdaý toparyň içki ýagdaýy bilen bagly-da...

“Ahal” toparynyň oýunçysy Yhlas Saparmämmedow:

- Toparyň içindäki ýagdaý hakynda aýdaýsaňyz?!

- Umuman tälimçimiziň aýdanlaryna goşulýaryn. Oýunçylarymyz ertirki oýna 100 göterim taýýar. AFK-nyň Kubogynyň çäginde geçirilýän duşuşyklaryň arasynda iň gowy oýny görkezmäge çalşarys.

AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň üçünji tapgyrynyň çäginde duşuşýan “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň 11-nji aprelde “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 18:00-da başlanýar.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň