Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: “Oýunçylarymyzyň hemmesi oýna taýýar”

22:5210.04.2018
0
6492

Şu gün, 10-njy aprelde “Ahal” bilen “Altyn Asyryň” arasyndaky oýundan öňki metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

 Ilki “Altyn Asyr” toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew soraglara jogap berdi.

- Oýna taýýarlygyňyz ýeterlik derejedemi, toparyňyzda şikes alan oýunçylar barmy?

 - Ilki bilen hämmäňizi türkmen futbolunyň taryhynda ilkinji gezek iki toparymyzyň AFK-nyň Kubogynda biri-biri bilen duşuşýandyklary bilen gutlaýaryn. Oýna örän taýýarlykly geldik. Toparymyzda şikes alan oýunçylarymyz ýok, olaryň hemmesi wajyp duşuşyga örän taýýarlykly geldiler. Türgenleşiklerimiz hem öňki oýunlarymyz ýaly adaty ýagdaýda geçdi.Esasy zat, oýunçylarymyzyň hemmesi oýna taýýar.

 -  2018-nji ýyla geçip, toparyňyz dört sany oýun oýnady, şolaryň üçüsinde uly hasap bilen ýeňiş gazandyňyz. Ýöne muňa garamazdan, garşydaşlar hem “Altyn asyryň” derwezesinden gol geçirmegi başardylar. “Ahal” örän güýçli garşydaş, şony nazaryňyza alyp, goragda üýtgeşmeleri girizdiňizmi?

- Ýok, goragda üýtgeşikligi girizmedik. Näme, bu oýunda, onsoňam geçirden toplarymyz uly hasaby gazananymyzdan soň hasaba alyndy. Uly hasap bilen öňe saýlanmagymyz oýunçylarymyzyň arkaýynlaşmaklaryna getirdi. Esasy bellemeli zat, ýurdumyzdan iki toparyň halkara ýaryşynda güýç synanyşmaklary. Iki topar hem biri-biriniň oýnuny gowy bilýär. Soňky ýyllarda çempionlyk ugrundaky bäsdeşlik esasan “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” arasynda gidýär. Şol sebäpli-de, bu duşuşykda hem netijeli oýun geçer diýip hasap edýärin.

- “Altyn Asyr” bilen birlikde “Ahaldyr” täjikleriň “Istiklol” toparlary toparçadan çykmak babatynda esasy dalaşgärler hasaplanýar. Toparlaryň ikisi bilen hem duşuşyk geçirdiňiz “Ahal” bilen ýerli çempionatda, “Istiklol” bolsa AFK-nyň Kubogyndaky soňky garşydaşlaryňyz. Bu iki topara nähili baha berýärsiňiz?

- Bilýänsiňiz “Ahal” çempionatdaky esasy garşydaşymyz. Şunuň ýaly toparlaryň sany artan ýagdaýynda türkmen toparlarynyň halkara arenasyndaky çykyşlaryna hem oňyn täsir ederdi. “Istiklol” hakynda aýdanymda, onda olar bilen geçen möwsüm hem iň soňky pursada çenli toparçadan çykmak ugrunda bäsleşdik. Azda-kände şowlulyk ýetmedi. Bu ýyl hem olar türkmen toparlarynyň esasy bäsdeşi bolup durýar.

Murat Ýakşiýew, “Altyn Asyr” toparynyň oýunçysy:

- Wajyp oýnuň öňüsyrasynda topardaky ýagdaý hakynda aýdyp geçseňiz?

- Oglanlaryň hemmesi hem oýna taýýar. Türgenleşikler wagtly-wagtyna geçdi. Özümiziň ýeňşe bolan ynamymyz uly. Nesip bolsa, diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys.

AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň üçünji tapgyrynyň çäginde duşuşýan “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň 11-nji aprelde “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 18:00-da başlanýar.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň