“Ahal” – “Altyn Asyr”: toparlaryň çykyş etjek köýnekçeleri belli boldy

16:3110.04.2018
0
4016

10-njy aprelde “Ýyldyz” myhmanhanasynyň konferens zalynda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde duşuşýan toparlaryň – “Ahal” bilen “Altyn Asyryň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Ahal” topary ýer eýesi hökmünde adaty ak, “Altyn Asyr” topary bolsa gök köýnekçede çykyş eder.

AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde “Ahal” bilen “Altyn Asyryň” arasyndaky duşuşygyň 11-nji aprelde paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.  Bu duşuşyk 18:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň