Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» bilen «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky duşuşygyna bahreýnli hünärmenler eminlik eder

13:4709.04.2018
0
2625

FIFA-nyň emini Ammar Ebrahim Hasan Mahfudiniň ýolbaşçylygyndaky bahreýnli eminler topary AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çäginde duşuşýan “Ahal” bilen “Altyn Asyryň” arasyndaky duşuşykda eminlik ederler diýip, bu barada TFF-niň resmi saýty (tff.com.tm) habar berýär. 11-nji aprelde paýtagtymyzda geçiriljek  oýunda Ammar Mahfudiniň kömekçileri Saed Jalal Mahfud Alawi Mohamed bilen Abdulla Saleh Abdulla Moşen Alrowaimi bolar. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Ismael Habib Ali Ismael (Bahreýn) ýerine ýetirer. Bu duşuşygyň gözegçi emini Alzeid Abdulrahman Zeid (Saud Arabystany), duşuşygyň komissary hindistanly Rawişankar Jaýaraman bolar.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň iki tapgyryndan soň “D” toparçada bäsleşýän “Altyn Asyr” 4 utuk bilen birinji, 3 utugy bolan “Ahal” bolsa üçünji orny eýeleýär.
“Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çägindäki duşuşyk 11-nji aprelde sagat 18:00-da paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň