GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

12:0009.04.2018
0
9852

Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne 12 me­se­le gi­ri­zil­di. Olar sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we bi­lim ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk edil­me­gi­ne, DIM-niň ug­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ra de­giş­li­dir. Howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne, je­na­ýat­çy­ly­gyň gar­şy­sy­na gö­re­şe hem-de hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­ga gar­şy du­rul­ma­gy­na, şeý­le hem hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.

We­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da je­na­ýat­çy­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de GDA ýurt­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da yla­la­şy­gyň, 2019 — 2023-nji ýyl­lar üçin je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­me­giň bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri­niň döw­le­ta­ra mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­na we beý­le­ki­le­re ga­ra­dy­lar.

Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar iri se­bit tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler, ola­ra di­ňe GDA-nyň ag­za döw­let­le­ri däl-de, eý­sem, Ar­ka­la­şy­ga gir­me­ýän ýurt­lar hem gat­naş­ýar­lar.

Dä­be öw­rü­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar he­mi­şe Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giň mö­hüm oňyn şer­ti bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti GDA ýurt­la­ry­nyň ça­ga­lar, ýaş­lar we ze­nan­lar gu­ra­ma­la­ry­nyň, bi­lim we ylym eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem sport jem­gy­ýet­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek ug­run­da çy­kyş et­di, mu­nuň özi köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi we baý maz­mun ber­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň we öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we çuň­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyp, GDA-nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge we çuň­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem saý­law­la­ra syn et­mek bo­ýun­ça işiň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Mej­li­siň işi­niň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy ta­ra­pyn­dan 2017-nji ýyl üçin Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da köp­de­re­je­li ge­ňeş­me­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň ama­la aşyrylyşy ha­kyn­da Çöz­gü­de hem-de 2018-nji ýyl üçin me­ýil­na­ma, şeý­le hem 2021-nji ýy­ly Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da Bi­na­gär­lik we şä­her­gur­lu­şyk ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Çöz­gü­de gol çe­kil­di. Bu baş­lan­gyç ozal So­çi şä­he­rin­de GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan be­ýan edil­di.

GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy — Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­de­wiň ha­bar ber­şi ýa­ly, GDA-nyň ýurt­la­ry­nyň DIM-le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni 27-nji sent­ýabr­da Du­şen­be­de ge­çir­mek ka­rar edil­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň