Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

10:0709.04.2018
2
3611

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna saryja goýunlaryň ýüňi, nah ýüplük, pagta-süýümi, aýna, portlantsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Türkiýe, Owganystan, Ermenistan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 416 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 196 müň manatlykdan gowrak bolan saryja we garaköli goýunlaryň ýüňüni, nah ýüplük satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 958 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň