Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň resmi wekiliýeti paýtagtymyzda giňişleýin maslahat geçirdi

22:3807.04.2018
0
7477

Iki günlük iş sapary bilen Türkmenistana gelen AFK-nyň resmi wekiliýeti şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda iş maslahatyny geçirdi. AFK-nyň Baş sekretary Dato Windzor hem-de halkara bölüminiň ýolbaşçysy Wahid Kardani Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan “Köpetdag” stadiononynda ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň alyp barýan işi bilen tanşyp, Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Röwşen Kemjaýew bilen giňişleýin maslahat geçirdi. Maslahatyň dowamynda futbol toparlarymyzyň çykyşlary, zenanlar futboly, şeýle hem, çagalar futboly bilen giňişleýin tanşyldy.

Şondan soň, Dato Windzoryň ýolbaşçylygyndaky topar ýöriteleşdirilen küşt-şaşka merkeziniň konferens-zalynda ýurdumyzyň futbol toparlarynyň wekilleri, futbol agzalary bilen geçirilen maslahata gatnaşdy. Geçirilen maslahatda Türkmenistanda futboly mundan beýläk hem ösdürmekde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň tagallasyny gaýgyrmajakdygyny aýdan AFK-nyň baş sekretary bu ugurda saldamly iş alyp barýandyklaryny aýratyn belläp geçdi.

Maslahatyň dowamynda geçirilen pikir-soraşmada Dato Windzor futbol toparlarymyzyň wekillerini gyzyklandyrýan sowallaryň hem birnäçesine jogap berdi.

AFK-nyň Kubogynda üstünlikli çykyş edýän toparlarymyzyň bardygyny bellän baş sekretar AFK-nyň Kubogynyň geriminiň günsaýyn giňeýändigini belläp geçdi. Futbol toparlarymyzyň näme sebäpden bir sebitde, bir toparçada çykyş edýändigi bilen bagly sowala ol: “Maňa bu barada başga ýurtlara baranymda hem sowal berdiler. Biziň esasy maksadymyz bir sebitiň toparlaryny özara duşuşyp, diňe ýeňijini çempion hökmünde topardan çykarmak isleýäris. Bu ugurdaky ilkinji synanyşygymyzy geçen ýyl ýola goýduk. Bu diňe bir synag hökmünde ulanyldy. Biz hem düşünýäris. Türkmenistanyň güýçli toparlary bar. Olar bir toparçada däl-de, hersi aýry-aýry toparçalarda çykyş etseler netije berjekdigini. Biz bu barada hem iş alyp barýarys. 2019-njy ýylda AFK-nyň Kubogynyň geçiş düzgünini düýbünden üýtgetmekçi bolýarys. Şondan soň siziň hem toparlaryňyzyň başga sebitlerde, has güýçli toparlar bilen birlikde çykyş etmäge mümkinçiligi bolar” diýip, Merkezi Aziýa sebitinde hem futboluň pajarlap ösmegi ugrunda tagalla edýändiklerini aýratyn belledi.

Şeýle-de Dato Windzor AFK-nyň futboluny tiz depginlerde ösdürmek maksady bilen toparlary lisenziýalaşdyrmak babatynda girizen düzgünine hem türkmen toparlarynyň tiz uýgunlaşandyklaryny belledi. Geljekde ýokary netijeleri gazanmaga uly mümkinçilik döretjek lisenziýa düzgüni toparlara uly mümkinçilik berýär diýip, myhman nygtady.

Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifanyň ýolbaşçylygyndaky AFK-nyň resmi wekiliýeti ertir, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň orunbasary, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Pürli Agamyradow bilen türkmen futboluny mundan beýläk hem ösdürmek babatynda ýörite maslahat geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň