Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine Berkararlyk etrabynda guruljak ýaşayş toplumynyň täzelenen taslamasy hödürlenildi

06:4807.04.2018
0
9230

Ministrler Kabinetiniň 6-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýaşaýyş toplumynyň taslamasynyň täzeden işlenen görnüşi barada hasabat berildi.

Täze binalar toplumyny Gurbansoltan eje şaýolunyň günortasynda, umumy meýdany 25,5 gektara deň bolan ýer böleginde gurmak göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, bu ýerde 756 maşgala üçin niýetlenen 54 öýli, 8 sany dokuz gatly we 36 öýli, 9 sany, 9 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, iki sany 400 orunlyk köp gatly awtoduralgalary hem-de 7 sany, iki gatly söwda merkezlerini ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak meýilleşdirilýär. Bu taslamany bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna täze ýaşaýyş toplumynyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany täze guruljak ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalary bilen tanşyp, binagärlik oý-pikirlerini durmuşa geçirmek hem-de adamlar üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli görkezmeleri berip, paýtagtymyzda gurulýan ähli binalarda ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr diýip belledi. Olar ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we estetika nukdaýnazarynda ýokary talaplara laýyk gelmelidir.

Milli Liderimiz dynç almak, gezelenç etmek we sport bilen meşgullanmak, ýaşaýyş-durmuş düzümleri üçin zolaklaryň sazlaşykly ýerleşdirilmegine uly üns berilmelidir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany gözden geçirip, ony gutarnykly işlemegi tabşyrdy hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň