Soňky habarlar

Arhiw

Garabogazda ägirt uly karbamid zawodynyň gurluşygy dowam edýär

03:4307.04.2018
0
5502

Ministrler Kabinetiniň 6-njy apreldäki mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan karbamid zawodynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada habar berildi.

Täze gazhimiýa toplumy dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda zawodyň ammiak hem-de karbamid önümçiliginiň tehnologik enjamlaryny gurnamak işleri geçirildi, gaz-turbina generatorynda, azot we howa öndüriji bölümlerinde hem-de kömekçi bug öndüriji desgasynda sazlaýyş-goýberiş işleri doly tamamlandy.

Häzirki wagtda ammar we beýleki degişli desgalarda gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär, tehnologiýa gazyny taýýarlamak üçin peç gurnalýar. Zawod bir ýylda 1million 155 müň tonna karbamid öndürer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny we tutuş milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Bu desga ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, daşary ýurtlara iberilýän senagat önümleriniň, şol sanda daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän mineral dökünleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda gurulýar.

Milletiň Lideri önümçilik we port desgalary gurlanda döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň, ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplarynyň berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere karbamid zawodynyň gurluşygynyň hem-de Garabogazdaky deňiz portunyň durkunyň täzelenilişiniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň