Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri Garlykdaky dag-magdan kombinatyny we awtoban gurmaga taýýarlyk görýärler

23:5506.04.2018
0
6238

Ministrler Kabinetiniň 6-njy aprelde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bolan duşuşykda kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň we ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatyndaky kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýeňillikli şertlerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine karz serişdeleri berildi.

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşça kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça degişli resminamalary taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyryp, bu taslamalaryň türkmen ykdysadyýeti üçin ähmiýetini nygtady.

Milletiň Lideri şeýle hem ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply senagat toplumyny döretmekde telekeçiligiň ornuny belläp, täze önümçilikleri döretmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň