Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

03:1106.04.2018
0
11125
5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýolundan geçýän mahalynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni bu düzümler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine çekdi. Harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň beden taýýarlygy, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin şertleriň döredilmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Saglyk ýoluny geçmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik aralygy pyýada, onuň käbir zolaklaryny bolsa çalt ylgap geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýoluň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyna, şol sanda belent dag gerişlerinden beýik türkmen nusgawy şahyry, akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina ediljek meýdançasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp künjekde seýilgäh zolaklarynyň hem-de dynç alyş meýdançalarynyň döredilmegine, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Saglyk ýolunyň ugrunda hem-de töwereginde ekilen agaç nahallary we güller bu ýeriniň gözelligini sazlaşykly baýlaşdyrar, Köpetdagyň eteginde ekologiýa ýagdaýyna amatly täsirini ýetirer. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine bu ugurdaky giň gerimli işleri dowam etmegi tabşyryp, bu ýerde geçirilýän bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň ýerli tebigy-howa şertleriň hasaba alnyp guralmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluna ýörişini tamamlap, Olimpiýa şäherçesiniň sport merkezine bardy, şol ýerde sport trenažýorlarynda dürli maşklary ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz bilen birlikde zalda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem türgenleşik geçdiler. Milli Liderimiz sport toplumynda ornaşdyrylan, bedeni berkitmek we belli bir myşsalary ösdürmek üçin niýetlenen trenažýorlaryň aýratynlyklary barada aýdyp, olary dogry we netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň girewidir.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň