Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri özbek kärdeşleri bilen şertnamalary baglaşdylar

15:5005.04.2018
0
14995

Özbegistan Respublikasynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen sergisinde türkmen telekeçileri özbke hyzmatdaşlary bilen umumy mukdary ABŞ-nyň 6 million 700 müň dollary möçberinde şertnamalary baglaşdylar diýip, SNG Today saýty habar berýär.
Geçirilen gepleşiklerde gurluşyk harytlary, köwüşler, agaç önümleri we hyzmatdaşlygyň beýleki käbir ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça karara gelindi. 
Bu sergä Özbegistanyň ähli sebitlerinden önüm öndüriji kärhanalar gatnaşdy. Olaryň arasynda hususyýetçiler, dokma toplumynyň kärhanalary, iýmit, derini gaýtadan işlemek ýaly ugurlar boýunça iş alyp barýan köp sanly kňrhanalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň