Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň bölüminiň ýolbaşçysyny kabul etdi

05:2305.04.2018
0
7067

4-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany we işewür Türkmenistanda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleri babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Markwart fon Pents ozal gazanylan ylalaşyklar babatda görlen çäreler barada habar berip, özara gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine doly kybap gelýän galla orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň iň täze görnüşlerini ibermegiň hasabyna giňeltmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de täzeläp durmagy maksat edinýär. Bu pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen iri möçberli wezipeler babatda güýçlendiriler. Döwlet Baştutany işewür gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şu babatda oba hojalyk maşynlaryna tehniki taýdan hyzmat edilmeginiň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň wekili bildirilýän ynam üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “John Deere-niň” özara bähbitleri berjaý etmegiň esasynda hem-de geljegi nazarda tutup, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Soňra “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents Oba we suw hojalyk ministrliginde kabul edildi.
Bu ýerde 2018 — 2021-nji ýyllarda bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň (Şweýsariýa) arasynda ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamada amala aşyrylmaly işleriň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny hem-de degişli ugurly ýokary okuw mekdebiniň okuw merkezini döwrebaplaşdyrmak boýunça bilim we okuw tejribelerini kämilleşdirmek, uniwersitetiň mugallymlary, talyplary hem-de ministrligiň hünärmenleri üçin okuwlary, meýdan okuw maslahatlaryny geçirmek, täze tehnologiýalary synag edip görmek we olara baha bermek hem-de beýleki ugurlar kesgitlenildi.
Şeýle hem şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “John Deere” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän önümleriň täze nusgalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň