Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

04:4205.04.2018
0
5154

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda jenap Heýti Mýaemees Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.
Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
Jenap Heýti Mýaemees ýurdumyzyň iri möçberli gazananlaryna uly gyzyklanma bildirip, türkmen-eston döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi.
Parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, bu işlerde parlamentara dostluk toparlarynyň ornunyň wajypdygy nygtaldy.

***

Şu gün Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde ilçi paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki gözellikleri bilen tanşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň