Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

03:3804.04.2018
0
5980

Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak hem-de milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. 
Milli Liderimiz kabul edilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň goranyş häsiýetiniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitleýändigini belläp, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de harby bölümleriň dessin we söweşjeň taýýarlygyny berkitmek boýunça işleri utgaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky meseläni gozgap, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň täze döredilen serkerdeliklerine söweşjeň baýdaklary gowşurmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerini jemläp, goranyş häsiýetine eýe bolan, Türkmenistanyň serhetleriniň howpsuzlygyny we bitewiligini üpjün etmegiň strategiki esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinanyň esasy meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkiden täze harby dikuçarlary synlady. Olaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz milli goşunyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň