Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ÝHHG-nyň okuw maslahaty başlady

23:3503.04.2018
0
5094

4-nji aprelde paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara bilermenleri we hünärmenleri, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Sekretariatynyň işgärleri hem-de ABŞ-nyň, Niderlandlaryň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň degişli düzümleriniň wekilleri çagyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda radikallaşmagyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň oňat tejribesine aýratyn üns berdiler. Döwletimiziň bitaraplyk derejesiniň hem-de sebitdäki we tutuş dünýädäki parahatçylyk dörediji ornunyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesli türkmen halkynyň belent ahlak we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge gönükdirilen öňdengörüjilikli hem-de oňyn syýasatynyň ekstremistik ideologiýanyň islendik ýüze çykmalaryna netijeli garşy durmaga mümkinçilik berendigi bellenildi.
Iki günlük halkara okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk ädimleri hem-de zorlukly ekstremizme we radikalizme garşy göreşmekde dürli milli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň