Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kompýuter sporty federasiýasy maý aýynda türgenleri hasaba alyp başlar

15:3903.04.2018
0
2676

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde kibersport boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi türkmen kibersportunda hem galkynyşyň ilkinji ädimleriniň biri boldy. 1-nji aprelde «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Kibertürgenleriň türkemn assosiasiýasynyň kiçi maslahaty boldy we onda Türkmenistanyň Kompýuter sporty federasiýasynyň döredilýändigi resmi ýagdaýda yglan edildi. Federasiýa gysgaça TNeSF diýlip atlandyrylar.
Federasiýanyň prezidentligine Mekan Eýeberdiýew, wise-prezidentligine Nazar Ödemyradow we Wladislaw Badalow bellenildi. Federasiýanyň wekilleri Türkmenistandaky kompýuter sporty we onuň geljegi hakynda şeýle gürrüň berýärler:
«Kibersport häzir diňe bir Günbatarda ýa Hytaýda meşhur bolman, Müsür, Namibiýa, Günorta Amerikada hem resmi ýagdaýda hasaba alyndy. Geljekd onuň geriminiň has-da giňejekdigine ynanýarys.
2000-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji kompýuter klublary peýda bolup başlady. Olar öz aralarynda resmi bolmadyk ýaryşlary geçirýärdiler. 2005-nji ýylda Türkmenistanyň wekiliýeti ilkinji gezek halkara ýaryşa — Singapurda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşdy. Soňra 2006, 2007-nji ýyllarda Italiýada we Russiýada geçirilen ýaryşlara-da gatnaşyldy».
Türkmenistanda kibersportuň üç görnüşi resmi ýagdaýda hereket edýär. Olar: Dota 2 söweş meýdançasy, Counter-Strike: Global Offensive (CS:GO) we Hearthstone: Heroes of Warcraft strategiýa oýunlarydyr. Geljekde federasiýanyň guramaçylary FIFA tapgyryny, RTS strategiýa tapgyryny hem meýilnama goşmak barada iş alyp barýar.
«Häzirki wagtda The International (Dota 2) has uly meşhurlyga eýe. Onuň örän uly baýrak gaznasy we ýokary derejedäki bäsdeşligi bar. Bu kompaniýanyň has köp oýunçyny özüne çekmegi üçin örän gowy mahabatydyr». Aslynda, kibersport näme üçin şeýle meşhur? Sebäbi juda ýönekeý. Kibesport üçin hiç hili sport enjamy we surnukdyryjy fiziki türgenleşikler hökman däl. Internete birikdilen kompýuter we oýunçylar topary ýeterlik. Türgenleşikler onlaýn görnüşde ähli zerur maglumatlar bilen üpjün edilýär. Eger siz gowy oýunçy bolup, gowy netijeleri gazansaňyz, federasiýa sizi tapyp alyp, has-da kämilleşmegiňize ýol açýar. Sportuň ähli görnüşinde bolşy ýaly, kibersportda hem ýeňşiň örän uly orny bar. Şol sanda ýalňyşlyklar bagyşlanmaýar we garşydaşa hormat goýmak talap edilýär. Sportuň beýleki görnüşlerind ebolşy ýaly, kibersportda hem ýaş aýratynlygy möhüm orun eýeleýär. 19 — 25 aralygyndaky türgenlerden gowy netijelere garaşyp bolar, kabul edilen ýaş aralygy bolsa 22 — 30 ýaşdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň