Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

10:0803.04.2018
0
4260

2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine, şol sanda öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmäge degişli meselelere garaldy. Maslahatda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak hem-de şäher etraplarynyň çäklerinde bezeg agaç nahallaryny ekmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Aşgabatda desgalary mundan beýläk-de gurmagyň taslamalarynyň amala aşyrylyşynyň barşy barada habar aýdyldy. Şol taslamalarda dürli ähmiýetli desgalaryň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hem-de paýtagtyň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Häkim şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Milletiň Lideri ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, täze binalaryň ýokary hilini üpjün etmek hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem öňde duran dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berip, olaryň ýurdumyzyň sportda gazananlaryny beýan etmelidigini, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam bermelidigini belledi. Welaýat häkimleri ýerlerde işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk ulgamyndaky işleriň barşy barada hasabat berdiler. Gowaça ekişini bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek, meýdanlary ekinleriň zyýankeşlerinden goramagy üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler, oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulag serişdeleriniň we ammarlaryň galla oragyna taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän dürli ähmiýetli desgalardaky gurluşyklaryň barşy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada-da hasabatlar berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede wagtynda geçirmek hem-de oba hojalygynda beýleki bir möhüm möwsüm bolan galla oragyna taýýarlyk görmäge degişli ähli guramaçylyk meseleleriniň öz wagtynda çözülmegine uly üns bermegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz häkimlere güýzlük bugdaýyň hasylyny ýygnamak işine kombaýnlaryň, awtoulaglaryň hem-de beýleki degişli tehnikalaryň, elewatorlaryň we galla saklamak üçin ammarlaryň doly taýýarlygyny öz wagtynda üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň durmuş desgalarynyň hem-de beýleki düzümleriň gurluşyklarynyň ýokary hiliniň we möhletleriniň berjaý edilmegi baradaky mesele babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, halkara sport baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň