Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýy geçirildi

09:4503.04.2018
0
6993

 2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler, onda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň iri jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrüljek bu gurultaýyň ähmiýeti bellenilýär.
Soňra gurultaýa gatnaşyjylar hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlediler hem-de ýakyn geljek üçin Demokratik partiýanyň işiniň esasy ugruny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu meselä bagyşlanan hasabat bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Kasymguly Babaýew çykyş etdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakynda” Kanuna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz işini amala aşyrýan partiýanyň agzalarynyň sany yzygiderli artýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda 57 partiýa komiteti, şol sanda 5 welaýat, 12 şäher hem-de 45 etrap, şeýle hem ilkinji partiýa guramalarynyň 6 müňe golaýy hereket edýär. Olar raýatlaryň 211 müňden gowragyny özünde birleşdirýär. Şeýlelikde, VII gurultaýynyň geçirilen wagtyndan bäri partiýa agzalarynyň sany 23 müň adamdan gowrak köpeldi. Partiýanyň hatarlarynda köp sanly ýaşlaryň bolmagy aýratyn buýsançlydyr.
Partiýanyň agzalarynyň 100 müňden gowragynyň zenanlar bolmagy örän möhüm hem-de ýörite bellenilmegine mynasyp ýagdaýdyr, munuň özi milli ýörelgeleriň hem-de däp-dessurlaryň wagyz edilmegi boýunça jemgyýetçilik-syýasy işleri has netijeli guramaga, medeniýeti we sungaty ösdürmäge, ýaş nesli maşgala gymmatlyklary esasynda terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berýär.
25-nji martda geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça parlamentiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň hatarynda Demokratik partiýanyň wekilleriniň 3257-siniň bolmagy buýsançly ýagdaýdyr, olar syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk şertlerinde saýlawçylaryň ynamyny gazanmagy başardylar.
Soňra gurultaýyň gün tertibiniň — esasy bölümleri boýunça Demokratik partiýanyň agzalary — guramanyň işjeňleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy N.Suwhanow, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň mugallymy D.Gurbanow, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ussasy B.Aşyrow, Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy G.Ahmedowa, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Burunow, Demokratik partiýanyň Döwletli etrap komitetiniň jogapkär işgäri Ş.Huseýinowa, Mary welaýatynyň Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni A.Hotjyýew we beýlekiler bar.
Çykyşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň çykyşyny goldamak hakyndaky kararyň taslamalary sese goýulýar hem-de biragyzdan kabul edilýär.
Soňra K.G.Babaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine Ata Serdarow saýlanyldy.
Gurultaýyň barşynda şeýle hem birnäçe beýleki guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň