Soňky habarlar

Arhiw

Seulda Türkmen-Koreýa gepleşikleri geçirildi

23:1802.04.2018
0
6682

Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy.
Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça giň gerimli pikir alşyldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri jenap Li Nak Ýon, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy jenap Song Ýon Gil bilen duşuşyklary geçirdi. Mundan başga-da Birleşen Milletler Guramasynyň öňki Baş sekretary, Pan Gi Mun adyndaky Dünýä raýatlary merkeziniň başlygy Pan Gi Mun we Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk birleşiginiň ýolbaşçysy hanym Li Ok-Rýon bilen duşuşuklar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň