"Merw" "Aşgabadyň" Türkmenistanyň çempionaty — 2018-de ilkinji utulyşyna sebäp boldy

23:5631.03.2018
0
4623

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň lideri "Aşgabat" ilkinji gezek utulyş bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy. Çempionatyň 4-nji tapgyrynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleri myhmançylykda Marynyň "Merw" toparyndan 0:1 hasabynda ýeňildi.

Baýramaly şäherinde geçirilen duşuşyk turuwbaşdan howply pursatlara baý boldy. Şeýle pursatlaryň biri hem duşuşygyň ykbalyny çözdi. 23-nji minutda ýer eýeleriniň futbolçysy Perman Hallyýew "Aşgabadyň" derwezesine barýan dürs ýoly tapdy. Onuň 28-30 metr çemesi uzaklykdan derwezä gönükdiren pökgüsine "Aşgabadyň" derwezeçisi Döwlet Jallatow ýetişmedi. 

Täze möwsümdäki ikinji ýeňşini gazanan "Merw" 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna ýerleşdi. Yzda galan duşuşyklarda 7 utuk toplan bilen "Aşgabat" bolsa häzir hem ýaryşyň öňdebaryjysy.

Tapgyryň jemleýji, ýöne iň esasy duşuşyklary 1-nji aprelde geçiriler. Şol gün "Altyn asyr" "Balkany", "Ahal" bolsa "Şagadamy" kabul eder. Häzirki çempion "Altyn asyr" şu tapgyrda täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyna çykýar.

Maglumatlary ýygnamagy söýýän okyjylarymyz üçin duşuşygyň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris.

"Merw" — "Aşgabat" — 1:0 (1:0)

31-nji mart. Baýramaly. "Sport desgasy". 500 tomaşaçy.

Gol: Perman Hallyýew 23.

Duýduryş alan futbolçylar: Arslan Ýusubow 25, Ilýa Tamurkin 46, Toýly Goçnazarow 63 — Nazar Baýramow 83.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Serdar Ýaryýew.

Şu duşuşykdan soň gysgaça ýaryş tertibi:

1. "Aşgabat" 4/7

2. "Merw" 3/6

3. "Energetik" 4/5

4. "Balkan" 3/3

5. "Şagadam" 2/3

6. "Köpetdag" 3/2

7. "Ahal" 1/1

8. "Altyn asyr" 0/0

Iň köp pökgi geçiren futbolçy:

Azat Garajaýew ("Balkan") — 2 gol.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň