Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna täze orunbasar bellenildi

00:5431.03.2018
0
14409

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Serdar Berdmuhamedow 1981-nji ýylda doguldy. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. 2008 — 2011-nji ýyllarda Russiýanyň DIM-niň Diplomatiýa akademiýasynda halkara gatnaşyklary boýunça bilim aldy. 2011 — 2013-nji ýyllarda Ženewada bilimini dowam etdirdi.

25-nji martda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň