Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Mejlisiň täze çagyrylyşynyň ilkinji mejlisi geçirildi

00:1531.03.2018
0
12301

30-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy hem-de deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini we onuň döwletimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka öwrülendigini belledi.

Bu gezekki saýlawlar ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginde, demokratik, bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu günki maslahatda döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde durýan möhüm wakalary, şeýle hem öňde boljak giň möçberli işleriň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyny açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy, onuň sözleri ähli dabara gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirildi.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol ählihalk saýlawlarynyň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygynyň we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasy düzgünlerine laýyklykda geçirilendigi we onuň netijeleri barada hasabat berdi.

Mandat topary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hödürlän resminamalarynyň esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň düzümine saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklaryny gözden geçirdi. Hususan-da, ses bermek çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Saýlaw kodeksiniň, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryň düzgünlerine laýyklykda geçirilendigi belli boldy.

Mandat toparynyň başlygy çykyşynyň ahyrynda toparyň Türkmenistanyň Mejlisiniň milli parlamentiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky Kararynyň taslamasyny taýýarlandygyny habar berdi.

Bu resminamanyň taslamasy deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda täze saýlanan deputatlary gutlady we olara işlerinde üstünlik, saýlawçylarynyň ynamyny ödemegi arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz deputatlar toparynyň bäşinji çagyrylyşynyň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimize milli parlamentiň başlygy wezipesinde işlän döwründe beren yzygiderli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Netijeli işi üçin A.Nurberdiýewa we Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlaryna minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz olaryň jemgyýetçilik ähmiýetli ägirt uly işleri bitirendiklerini, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine mynasyp goşant goşandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Soňra maslahat altynjy çagyrylyşyň deputatlarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki maslahatyň gün tertibiniň indiki meselesiniň Mejlisiň Başlygyny we onuň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, milli parlamentiň komitetleriniň başlyklaryny saýlamak wezipelerinden ybaratdygyny belledi.

Ses bermek tamamlanandan soň, Ses sanaýjy toparyň başlygynyň çykyşy bolýar. Ol ses bermegiň netijeleri barada hasabat berip, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň başlyklygyna G.Mämmedowanyň biragyzdan saýlanandygyny habar berdi. Ses sanaýjy toparyň çykyşy deputatlar tarapyndan biragyzdan oňlandy.

Hormatly Prezidentimiz G.Mämmedowany milli parlamentiň Başlygy wezipesine saýlamak hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna gol çekýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň ikinji meselesine geçip, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamagy yglan edýär. Bu mesele boýunça Aşgabat şäherindäki 4-nji “Berkararlyk” saýlaw okrugynyň deputaty S.Owganow çykyş edýär. Ol milli parlamentiň deputatlarynyň bu wezipä Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk” saýlaw okrugy boýunça deputat K.Babaýewiň teklip edilýändigini habar berdi.

Açyk ses bermek esasynda bu wezipä K.Babaýew biragyzdan saýlanylýar. Hormatly Prezidentimiz K.Babaýewi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlamak hakyndaky Kanuna gol çekdi we oňa işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň dowamynda islendik guramanyň netijeli işi üçin onuň düzüm bölümlerini emele getirmek meselelerine örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi. Häzirki döwürde Mejlisde sekiz komitet hereket edýär. Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky; Kada-kanunçylyk baradaky; Ykdysady meseleler baradaky; Durmuş syýasaty baradaky; Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky; Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky; Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky; Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetlerden ybaratdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça milli parlamentiň esasy düzüm bölümleriniň başlyklaryny saýlamak hakyndaky meselä garaldy.

Milli parlamentiň bu mesele baradaky Karary biragyzdan kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlap, olara Watanymyzyň we halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty hormatly Prezidentimiziň çykyşy bilen dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy kesildi.

Bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň maslahatlar zalyndan çykdy.

***

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň birinji maslahaty milli parlamentiň binasynda dowam etdi. Onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň çäklerinde parlamentiň işiniň geljekki möhüm ugurlary girizildi. Birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we milli parlamentiň komitetleriniň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň