Soňky habarlar

Arhiw

"Köpetdag" bilen "Energetik" deňlikde oýnadylar

23:2930.03.2018
0
3325

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynyň birinji duşuşygy paýtagtymyzyň “Köpetdagy” bilen Mary welaýatynyň “Energetik” toparlarynyň arasynda geçirilip, deňlik hasaba alyndy.

Myhmanlaryň oýunçysy Sahypnazar Durdyýewiň 7-nji minutdaky goluna, paýtagtymyzyň topary oýnuň 72-nji minutynda Pirmyrat Sultanowyň netijeli urgusy bilen jogap berdi.

Şeýlelikde, geçirilen dördünji tapgyryň birinji duşuşygyndan soň 5 utuk toplan “Energetik” eýeleýän ikinji ornuny saklap galdy. 2 utugy bolan “Köpetdag” bolsa altynjy orna geçdi. Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Merw” – “Aşgabat” (31.03.2018 ý), “Altyn Asyr” – “Balkan” (01.04.2018 ý), “Ahal” – “Şagadam” (01.04.2018 ý) toparlary duşuşar.

“Köpetdag” – “Energetik” – 1:1

Gollar: Pirmyrat Sultanow 72 (“Köpetdag”) – Sahypnazar Durdyýew 7 (“Energetik”)  

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: R. Ereşow (Türkmenabat ş)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň