Arhiw

Türkmenistanda balyk hojalygyny ösdürmek boýunça işler dünýä tejribesine daýanýar

12:2830.03.2018
0
13629

Ministrler Kabinetiniň 29-njy martdaky mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň balyk hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 
Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 555 tonna balyk tutuldy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe tutulan balygyň möçberinden ep-esli köpdür.
Şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmek esasynda ýurdumyzyň içerki suwlarynda hem-de Hazar deňzinde balyklary ýörite torlarda emeli usulda ösdürip ýetişdirmek usulyny önümçilige ornaşdyrmak we bu torlarda balyklary iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmleriň täze görnüşlerini ylmy esasda işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralary bilen geçirilýän işler barada habar berildi.
Şeýle hem balyklary emeli usulda ýetişdirmek babatda telekeçiligi goldamak boýunça görülýän çäreler, kärhanalaryň birnäçesine 21 sany ygtyýarnamanyň resmileşdirilendigi, telekeçilere ösdürilip ýetişdirilen sagdyn ýaş balyklaryň 25 tonnasynyň ýerlenendigi habar berildi.
Bulardan başga-da, hasabatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesiniň töwereginde bekre balyklary emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny, şeýle hem “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynda täze balyk gaplaýjy bölümi gurmak we enjamlaşdyrmak barada halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagyny, şol sanda balyk senagatyny ösdürmek işine uly ähmiýet berilýändigini, bu ugra uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany soňky ýyllarda pudagyň hojalyklaryny täzelemek we enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň esasynda täze iri senagat kärhanalaryny döretmek boýunça işleriň geçirilmegi netijesinde tutulýan balygyň mukdarynyň yzygiderli artýandygyny, suw howdanlarynda balyklary emeli usul bilen ösdürip ýetişdirmäge hem-de köpeltmäge, balyk önümlerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen çäreleriň netijeliliginiň ýokarlanýandygyny belledi.
Milletiň Lideri şu maksat bilen ýurdumyzyň telekeçilerini bu işlere höweslendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere balykçylyk pudagynyň täze desgalaryny gurmak bilen bagly meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň