Soňky habarlar

Arhiw

Berkararlyk etrabynda täze ýaşaýyş toplumy gurlar

12:2330.03.2018
0
16133

Ministrler Kabinetiniň 29-njy martdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Habar berlişi ýaly, Gurbansoltan eje şaýolunyň günorta böleginde umumy meýdany 27,2 gektar ýerde täze ýaşaýyş toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Taslama laýyklykda, 480 hojalyga niýetlenen 4 gatly 24 öýli jaýlaryň 20-si, 160 orunlyk çagalar bagy, 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, her biri 240 orunlyk köp derejeli awtoduralga hem-de 7 sany 2 gatly söwda merkezlerini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslama 5 ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrylar.
Döwlet Baştutanyna täze ýaşaýyş toplumynyň nusgasy görkezildi. Onuň gurulmagyny merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň, paýly gurluşyga gatnaşýan raýatlaryň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de beýleki degişli desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplardygyny nygtady. Milli Liderimiz şähergurluşyk toplumynyň hem-de milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hususy kompaniýalaryň giňden çekilmelidigini aýdyp, ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Milli Liderimiz her bir taslamanyň öz wagtynda durmuşa geçirilmelidigini belläp, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini nygtady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň