Soňky habarlar

Arhiw

Iýul aýynda «Türkmenistanyň senagaty» žurnaly neşir edilip başlar

12:2030.03.2018
0
7030

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat işleri boýunça orunbasary 29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň senagat pudagyna degişli edaralaryň ýeten sepgitlerini wasp etmek hem-de dokma we haly önümlerini, gurluşyk harytlaryny hem-de himiýa önümlerini, balyk hojalygynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, ýöriteleşdirilen «Türkmenistanyň senagaty» žurnalyny neşir etmegiň teklip edilýändigini aýtdy. Žurnaly şu ýylyň iýul aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde çap etmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, bu ugurda daşary ýurtly işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadynda ýurdumyzyň senagat toplumynda gazanylýan üstünlikler hem-de ýetilen sepgitler bilen türkmen we dünýä jemgyýetçiligini, ähli gyzyklanma bildirýän taraplary hemmetaraplaýyn habarly etmegiň möhümdigini belläp, «Türkmenistanyň senagaty» atly täze ýöriteleşdirilen žurnalyň neşir edilmegini makullady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň