«Milli goşun» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

04:0530.03.2018
0
7373

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň göwnejaý bezelen sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Harby doktrina esasynda ösüşe eýe bolan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň üstünlikleri we ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar.
Ýokary hilli fotosuratlar we infografikalar neşiriň tapawutly aýratynlygydyr, olar Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda türkmen goşunynyň ösüşi barada söhbet açýan çuňňur many-mazmunly, düşnükli dilde ýazylan makalalar bilen sazlaşykly utgaşýar.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar 2018-nji ýyldaky neşiriň birinji sanynyň özenine öwrüldi. Žurnalda çap edilen makalalar türkmen halkynyň baý taryhynyň üsti bilen döwletimiziň häzirki wagtda gazanan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär, onuň netijesinde halkymyzyň täsin taryhy ýoly yzarlanylýar.
Aýdyň öwüşginli suratlarda Türkmenabat şäherinde 9-njy sentýabrda badalga beriljek hem-de şondan bäş gün soň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanjak “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň ugurlary jikme-jik şekillendirilýär.
Neşiriň birinji makalasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, onuň düzümlerini häzirki zamanyň ýaraglary we harby tehnikalary bilen üpjün etmek üçin durmuşa geçirilýän anyk ädimler öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy şu ýylyň fewral aýynyň has möhüm wakalarynyň biri boldy, bu barada hem neşiriň bir makalasynda gürrüň berlip, bu taslamanyň yklymyň Aziýa böleginde durnukly ösüş we durnuklylyk üçin ägirt uly durmuş we ykdysady ähmiýeti barada nygtalýar, munuň özi giň sebitiň ýurtlarynyň howpsuzlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda ilkinji desantçy gyz bilen žurnalda çap edilen söhbetdeşlik has-da ruhlandyryjy we möhüm häsiýete eýedir, onda bu gyzyň durmuş ýoly hakynda gürrüň berilýär, ol watançylyk duýgularyndan hem-de Watanymyza çäksiz söýgüden ugur alyp, öz ykbalyny saýlady.
Şeýle hem neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň prokuraturasynyň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna bagyşlanan ylmy makala çap edilýär. Awtor bu ulgamyň alyp barýan işleriniň hukuk esaslarynyň kämilleşmek meýillerini, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde kanunçylygyň goragynda durýan prokuror hünäriniň ornuny açyp görkezýär.
Aýratyn makala 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygarynyň many-mazmunynyň, onuň gadymy ýoluň öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly täze görnüşde dikeldilýän häzirki döwürdäki möhümliginiň we ähmiýetiniň açylyp görkezilmegine bagyşlanýar. Bu söwda ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi Watanymyzyň ägirt uly üstaşyr kuwwatyny doly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Žurnalda çap edilen makalalaryň birinde “Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” diýen kitap barada gürrüň berilýär, Goranmak ministrliginde bu kitabyň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy. Makalada türkmen harby gullukçylarynyň ýeten sepgitleri nukdaýnazaryndan ýurdumyzyň sportda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitabyň ägirt uly ähmiýeti beýan edilýär, harby gullukçylarymyz 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda ägirt uly üstünliklere beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda örän şowly çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende göterilmegine uly goşant goşdular.
Žurnalyň bu sanynda şeýle hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň “Oguz han hakynda rowaýat” diýen eseri çap edilýär, türkmenleriň nesilbaşysy şol döwrüň harby sungatyny esaslandyryjy bolmak bilen, ýaş watandaşlaryna Watana çäksiz söýgi bilen garamak barada parasatly maslahatlary berýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy, bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk konserti hem-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen goşunynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly meseleler žurnalda çap edilen “Mertler Watan buýsanjydyr” atly makalada içgin beýan edilýär.
Türkmen dilinde çap edilýän žurnal giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň