Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär

23:5629.03.2018
0
11395

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Söwda-senagat edarasy gurady.
Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden ybarat bolan wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Bu sergä iri döwlet düzümleriniň hem, goňşy ýurduň hususy kompaniýalarynyň hem gatnaşmagy özbek haryt öndürijileriniň türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasydyr.
Köpugurly serginiň meýdançalarynda dag-magdan, metallurgiýa we nebitgaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan korporasiýalar we kompaniýalar öz diwarlyklaryny guradylar. Bu ýerde şeýle hem milli awtomobil pudagynyň ýeten sepgitleri, ätiýaçlandyrmagyň dürli görnüşleriniň hyzmatlary ulgamynda mümkinçilikler, şeýle hem özbek halkynyň amaly-haşam sungatynyň, medeniýetiniň özboluşlylygy we täsinligi görkezilýär.
Häzirki sergide “Uzbekneftegaz”, «Uzstroýmaterialy» ýaly kuwwatly döwlet senagat korporasiýalary, Nowaýy dag-metallurgiýa kombinaty, «Uzkabel» Döwlet paýdarlar jemgyýeti, “Uzkimyosanoat” paýdarlar jemgyýeti ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini hem-de iň täze tehnologiýalary görkezýärler.
Özbegistanyň derman senagaty pudagyny ösdürmek boýunça agentligi ýüzden gowrak kärhanalaryň we guramalaryň işini utgaşdyryp, ýurtda öndürilýän hem-de daşarky bazara eksport edilýän derman serişdeleriniň köp görnüşlerini, lukmançylyk ähmiýetli önümleri we lukmançylyk tehnikalaryny görkezýär.
Iri hususy daşary söwda kompaniýasy bolan “Alimkhan Exim Group” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bazarlarda özbek haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyply önümleriniň dürli görnüşleriniň öňe ilerlemegine ýardam berýär. Kompaniýanyň diwarlygynda diwarlary we jaýyň ýer bölegini bezemek üçin aýna mozaikalary, köp görnüşli plastik profilleri, galyplar üçin “Woodwin” kysymly tehnologik önümleri, suwa durnukly mebel önümleri, polimer reňkleýjileri görkezilýär. Bu önümler ekologik howpsuzlygyň talaplaryna kybap gelýär.
«Mеhmaş», «Bektemir metall konstruksiyalary», «Al Star», «Plast Co», «Mastec», «Eco Climat» kärhanalary tarapyndan kabel we turba önümleriniň, polat simleriň we ýyladyşhana hojalyklaryny gurmak üçin metal gurnamalaryň, kompozit bezeg plitalaryň, sowadyş we howany çalşyş ulgamlarynda ýyladyjylaryň köp görnüşleri görkezilýär.
Özbegistanyň «Artel» kompaniýalar topary durmuş tehnikalaryny iri öndürijidir. Kompaniýanyň diwarlygynda telewizorlaryň, tozan sorujylaryň, aşhana pejiniň, suw ýyladyjylaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň iň täze görnüşleriniň nusgalary bar.
Olaryň ýanynda söwda hem-de jemgyýetçilik iýmiti edaralary üçin doňduryjy kameralaryň we sowadyjylaryň önümçiliginde ýöriteleşen «Coven Elektro» we «Sam-Ferre» hünär ugurly kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşýär.
Serginiň meýdançasynda Özbegistanda öndürilýän «Rаvon» («Spark», «Gentra»), «Chevrolet Malibu» kysymly ýeňil awtoulaglaryň nusgalary uly ünse eýe bolýar. Mundan başga-da, “UzAwtoCanoat” paýdarlar jemgyýeti gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlara süýt daşaýjy ulagy hem-de iň täze abzallar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tiz kömek ulagyny hödürleýär.
Iň täze okuw-barlag enjamlaryny we mebeli öndürmek we ibermek ulgamynda teklipleri bilen «Elxolding» ylmy önümçilik birleşigi çykyş etdi. Onuň türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyk etmegiň netijeli tejribesi bar we ol biziň bazarymyzda iş alyp barmagyň gerimini giňeltmegi maksat edinýär.
Sergide öndüriji kompaniýalar bolan «Çarmpoýabzal dizaýn markazi», «Textil Libos», «Istiqlol Tekstil Dizayn» dokma pudagyny görkezýär. Olaryň diwarlyklarynda tebigy we garyşyk matalardan özboluşly we işewürlere degişli erkekleriň penjekleri, trikotaždan çagalar egin-eşikleri bar.
«Felicita», «Zebiniso Ona» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet we «CandyGold» köke-süýji öndüriji fabrikleri owadan gaplara gaplanan süýji önümleri bilen sergä gelenleriň ünsüni çekdi. «N Medov» holding kompaniýasynyň önümleriniň görnüşleriniň sanawynda azyk önümleriniň 150-den gowrak görnüşi bar.
Türkmen-özbek söwda öýüniň hem-de Özbegistanyň Kiçi işewürliginiň we hususy telekeçiliginiň subýektleriniň eksportuny goldamak baradaky gaznasynyň bölümleri iki ýurduň telekeçileriniň arasynda işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin oňat mümkinçilik döredýär. Guramalaryň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda eksport kuwwaty has-da giňeltmek, önüm öndürilişini artdyrmaga ýardam bermek hem-de olary daşary ýurt bazarlarynda öňe ilerletmek ýaly wezipeler bar.
Türkmenistanda goňşy ýurduň ilkinji Milli senagat sergisi özbek öndürijileriniň mümkinçiliklerini görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. Gözden geçiriliş hyzmatdaş telekeçileriň işewür işjeňliginiň gerimini giňeltmäge, olaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary 31-nji martda tamamlanýan Söwda-senagat edarasynyň binasyndaky köpugurly sergi bilen tanşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň