Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi

00:4929.03.2018
0
6163

Sizi Türkmenistan döwletimiziň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.
Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň subutnamasy bolan bu serginiň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilmegi aýratyn uly ähmiýete eýedir. Çünki biziň ýurtlarymyz gadymyýetde hem Demirgazyk bilen Günortany, Gündogar bilen Günbatary birikdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda we pajarlap ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Häzirki döwürde köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy we giňemegi asyrlaryň synagyndan geçip gelýän dost-doganlyga ýugrulan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary söwda gatnaşyklaryny has-da giňeltmek, dünýä bazarlarynda ygtybarly orun eýelemek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ýurdumyzda uly möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Daşary söwda ulgamynyň netijeliligi ulag üpjünçilik ulgamynyň işjeň we netijeli hereket etmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanda daşary ýurtlara uzaýan, halkara ölçeglere laýyk gelýän awtomobil we demir ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol, awtomobil köprüleriniň, halkara howa menzilleriniň gurulmagy Orta Aziýa sebitinde söwda gatnaşyklaryny ösdürmek bilen birlikde, amatly we ykdysady taýdan bähbitli ýollar arkaly Ýewropa ýurtlaryna çykmaga hem mümkinçilik döreýär. Türkmenbaşy halkara deňiz porty bolsa sebitde üstaşyr geçirmegiň iri merkezi bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, dünýä ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilendir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky döwletler bilen alnyp barylýan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky başlangyçlar türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatdaky bitewi tagallalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Sergä gatnaşýan hormatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!
Özbegistanyň haryt öndürijileriniň Aşgabatda geçirilýän bu giň möçberli sergisiniň goňşy ýurduň kompaniýalarynyň täze gazananlaryny açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn. Bu kompaniýalar öz pudaklarynda öňdäki orunlary eýeleýärler we dostlukly ýurduň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýärler. Ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini äşgär edýän bu sergi geljekde iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine, özara peýdaly gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň kemala gelmegine uly itergi berer.
Berkarar döwletimiziň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, biziň ýurtlarymyzyň arasynda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklar ýola goýulýar we bu gatnaşyklar barha ösdürilýär.
Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisi Türkmenistanyň we Özbegistanyň sarp ediş bazarlaryna harytlary we hyzmatlary çekmekde, bilelikde işlemäge isleg bildirýän özbek kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar. Bu serginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, söwda ulgamynda türkmen-özbek telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, Özbegistanyň kompaniýalary we maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny giňden çekmek babatda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirýärin.
Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen-özbek halklarynyň dostlugynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, türkmen döwletiniň Baştutany Gutlagyny jemleýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň