Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-nyň wekilleri Aşgabatda çaganyň saglygyna bagyşlanan okuw maslahatyna gatnaşdylar

23:5828.03.2018
0
8674

Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” mowzugy boýunça dört günlük okuw maslahaty geçirildi. Oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda bu ugur boýunça işleýän çaga lukmanlary we ylmy işgärler gatnaşýarlar.
Düýn BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maslahatlar zalynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maksatnamasynyň çäklerinde irki goşulyşma boýunça milli binýady döretmek meseleleri ugrundan BSG-niň hünärmenleri bilen “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we irki döwürde ýüze çykýan meseleleri anyklamak hem-de çagalaryň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmekde ene-atalara kömek bermekde täze usullary ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlendi. Şunlukda, degişli hünärmenleri taýýarlamak we has kämil toparlary okatmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahata Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, “Ene mähri” merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, welaýatlaryň Saglyk öýleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda ýygnananlar ýaş nesiliň saglygyny berkitmek maksady bilen, ýola goýulýan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň