Eýranyň Prezidenti «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi

23:1828.03.2018
0
12474

28-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklerden ybarat bolan bu toplum açyk asmanyň astyndaky ägirt uly muzeý, köp sanly syýahatçylaryň has ýygy-ýygydan gelýän meşhur merkezleriň biri, zyýarat edilýän künjek, şol bir wagtyň özünde bolsa milli we dünýä taryhynda hem-de medeniýetinde ylmy barlaglary alyp barmak üçin özboluşly barlaghana bolup durýar.
 “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bolmagyň barşynda belent mertebeli myhman birnäçe taryhy ýadygärliklere we bu künjegiň taryhdaky ösüşini, biziň halklarymyzyň gadymy gatnaşyklaryny alamatlandyrýan mukaddes künjeklere baryp gördi.
Taryhy-medeni goraghana bilen tanyşlygy tamamlap, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we Türkmenistandan ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň