Türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi

23:5927.03.2018
0
5864

27-nji martda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy. 
Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzümleriniň, telekeçiligi goldamak baradaky guramanyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem gurluşyk serişdelerini, turbalary, kabelleri, polietileni, oba hojalyk tehnikalaryny, sement, plastik önümleri öndürýän, dokma senagatynda, energetika, dag-magdan we derman senagaty, söwda, gurluşyk ulgamlarynda, hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda inženerçilik-aragatnaşyk, ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde, ätiýaçlandyryş babatda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 30-dan gowragy bar. 
Iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary maslahaty açyp, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanan, häzirki döwürde mynasyp dowam edýän hyzmatdaşlygyň sazlaşykly häsiýetini bellediler. Bu hyzmatdaşlyk tutuş sebitiň özara bähbitlerine hem-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna kybap gelýär diýip, ýygnananlar bellediler. 
Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadari, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň beýleki wekilleri netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň özara islegleriniň onuň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdiklerini nygtadylar. 
Sazlaşykly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde statistika maglumatlary getirildi. Hususan-da, 2018-nji ýylyň ýanwar aýy üçin ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda EYR-nyň 7-nji orny eýeleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlary boýunça şu ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa görä, eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 89-sy hasaba alyndy, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1310,95 million dollaryna, 0,8 million ýewro we 0,81 million manada deňdir. Ýurdumyzda şu güne çenli eýran maýasynyň, şol sanda jogapkärçiligi çäklendirilen birleşigiň, aýrybaşga kärhanalaryň, wekilhanalaryň, şahamçalaryň gatnaşmagynda eýeçiligi dürli görnüşdäki kärhanalaryň jemi 142-si bellige alyndy. Üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olaryň hatarynda işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. 
Türkmen tarapynyň tanyşdyrmalarynda birek-biregi hormatlamak, özara bähbitlilik we sagdyn bäsleşik ýörelgelerinde dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Ol häzirki zaman ulag we senagat düzüminiň, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şu maksat täze kärhanalaryň gurulmagyna hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge, ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de dolandyrmagyň usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. 
Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn amala aşyrmagyň, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň hasabyna türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň baş wezipesi bolup durýar. Işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklary daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 
Amala aşyrylýan özgertmeler jemi içerki önümiň möçberinde hususy kärhanalaryň paýynyň tapgyrlaýyn artmagyny hem göz öňünde tutýar. Ýakynda döredilmeginiň 10 ýyllygyny belläp geçen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürler birleşmesi bolup, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň birnäçesinde işleri amala aşyrýarlar, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. 
Döwlet tarapyndan hususy telekeçiligi goldamak boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň işewür toparlaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge çekmäge ýardam edýär. Häzir döwlete dahylly bolmadyk pudagyň jemi içerki önümde paýy 64,5 göterime deň bolup durýar, şunda ýangyç-energetika toplumy göz öňünde tutulmaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümde hususy pudagyň paýyny 70 göterime çenli ýetirmek barada wezipe goýdy. Käbir pudaklarda, aýratyn-da, hyzmatlar ulgamynda bu görkeziji meýilleşdirilen sepgide ýetdi. 
Goňşy ýurduň wekiliýetiniň agzalary, öz nobatynda, ýygnananlary EYR-nyň ykdysady taýdan ösüşiniň umumy meýilleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Baştutanynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan açyk we özüne çekiji maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Giň gerimli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtmak bilen, eýran kompaniýalarynyň wekilleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler. 
Maslahatyň ahyrynda özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetini ýene-de bir gezek belläp, bu ýere ýygnananlar netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi binýady döretmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksadynda şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. 
Maslahatyň çäklerinde iki goňşy ýurduň edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi, Türkmenistanyň we EYR-nyň Liderleri tarapyndan şu günki gepleşikleriň barşynda kesgitlenilen möhüm wezipeler hem-de täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň