Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky iň soňky duşuşygyny geçirdi

23:5627.03.2018
0
7412

Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň soňky duşuşygynda myhmançylykda Bahreýnden 4:0 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2019-yň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazandy.
Ýeri gelende aýtsak, Bahreýniň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylary saýlama tapgyryň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda Aziýa Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykdylar. Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary-1-nji fewraly aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Aziýa Kubogy-2019. Saýlama tapgyr, “E” toparça

Bahreýn, Manama (27.03.2018 ý.)    

Bahreýn – TÜRKMENISTAN – 4:0

***

Saýlama tapgyrlarynyň netijeleri boýunça Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etjek 24 ýygyndynyň hemmesi hem mälim boldy. Saýlama tapgyryň “E” toparçasynda çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem arzyly ýollanmany gazanmagy başardy.

Aziýa Kubogynyň final böleginiň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary-1-nji fewraly aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Final böleginiň bije çekişlik dabarasy bolsa 5-nji maýda geçiriler.
Aziýa Kubogynyň final bölegine çykan milli ýygyndylar: BAE (ýer eýesi), Katar, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Taýland, Saud Arabystany, Awstraliýa, Özbegistan, Eýran, Siriýa, Yrak, Hytaý, Palestina, Oman, Hindistan, Liwan, TÜRKMENISTAN, Iordaniýa, Bahreýn, Wýetnam, Gyrgyz Respublikasy, Demirgazyk Koreýa, Filippinler hem-de Ýemen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň