Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi

13:2027.03.2018
0
7004

27-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Sapar iki ýurduň Liderleriniň Ruhyýet köşgündäki ikiçäk görnüşdäki gepleşikleri bilen başlandy. 
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda  şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň türkmen-eýran dost-doganlygynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyny belläp, bu saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi. 
Milletiň Lideri halkara guramalardaky hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek, söwda-haryt hyzmatdaşlygy, senagat, nebitgaz boýunça hyzmatdaşlyk, ulag-ästaşyr taslamalary, medeniýet baradaky gatnaşyklar barada aýtdy. Şular we hyzmatdaşlygyň şulara meňzeş ugurlary Hasan Ruhaniniň sözlerinde hem öz beýanyny tapdy.
Belent mertebeli myhman ýangyç-energetika ulgamynda gatnaşyk etmegiň hem-de onuň geljeginiň meselelerine aýratyn üns berilýändigini kesgitläp, häzir Türkmenistandan Eýrana elektrik energiýasyny ibermegiň üçünji ugrunyň açylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Munuň özi energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip, eýran Lideri aýtdy. 
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-çalyş etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki Türkmen-Eýran işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça Meýilnama; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Oba hojalyk Jihad ministrliginiň arasynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň arasynda sport babatda 2018 — 2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Raýat awiasiýasy guramasynyň arasynda howa ulagy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 
EYR-nyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. 
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, özara söwda-haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2017-nji ýylda ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak bolandygyny belledi. Häzirki günde Türkmenistanda Eýran kompaniýalarynyň 150-den gowragy işleýär. 
Eýran we türkmen halklaryny taryhyň, medeniýetiň, diniň umumylygy hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär. Bu gün taraplar netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan özara mümkinçilikleri has doly peýdalanmak üçin ynamly hereket etmäge taýýar. Şunda Türkmenistanyň we Eýranyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlenen uly mümkinçilikler bardyr diýip, Prezident Hasan Ruhani belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda gatnaşyklara täze itergi bermek üçin Sarahs köprüsini açmak barada çözgüt kabul edildi. 
Şeýle hem Mary bilen Sarahsyň arasynda täze gatnaw ýoluny açmak hakynda çözgüdiň kabul edilendigi habar berildi. Taraplar eýran kompaniýalarynyň ýol gurluşygyna degişli bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy barada ylalaşdylar. 
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. 
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň