Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

01:1327.03.2018
0
5173

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew inženerçilik we jemagat gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, ýaşaýyş jaýlaryny, şäheriň desgalaryny, jemgyýetçilik ýerlerini göwnejaý tertipde saklamak, öňde boljak şanly seneleri garşylamaga görülýän degişli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Bütindünýä saglyk güni hem-de Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek we olary guramak boýunça tabşyryklary berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň durmuş-ykdysady görkezijileri, gowaça ekişiniň barşy, ekin meýdanlaryna mineral dökünleriň berlişi, ösüş suwunyň tutulyşy, galla oragyna görülýän giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şol sanda ýakynda badalga alan ýaz ekişiniň barşy, meýdan işlerine gatnaşýan düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmek, oba hojalyk tehnikasyny galla oragyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäklerinde, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalaryň işine gözegçilik etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, gurluşyk işleriniň ýokary derejesini hem-de desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşynda sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekin meýdanlaryna ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, barha ýokary depginlere eýe bolýan gowaça ekişiniň görkezijileri, ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Döwlet Baştutany welaýatda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, ähli ýerde durmuş üpjünçiligine gönükdirilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz aprel aýynda bellenilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyny belledi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki döwürde gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Hasabatyň dowamynda galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutany welaýatyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri dabaralandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň