Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça wagyz-nesihat demir ýol ulagy ýola düşdi

23:5426.03.2018
0
12180

Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinden “Arkadagyň gurduran polat ýollary — beýik döwrümiziň ýüpek ýollary” atly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylaryň münen demir ýol ulagy ýola düşdi. Ugradýanlaryň saparyň şowly geçmegi baradaky oňat arzuwlaryna beslenen demir ýol ulagy Aşgabat — Bereket — Etrek ugry boýunça günbatara gitdi.
2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygara bagyşlanan medeni-köpçülik çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde geçýän wagyz-nesihat çäresiniň guramaçylary bolup Demir ýol ulaglary, Medeniýet we Bilim ministrlikleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň hem-de Balkan welaýatynyň häkimlikleri çykyş etdiler.
Düzüminde ylym we medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan wagyz-nesihat saparyna gatnaşyjylar aň-bilim çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde Bereket etrabynyň administratiw merkezinde we Madaw obasynda döredijilik duşuşyklaryny geçirerler, şeýle hem “Dehistan” taryhy-medeni goraghana syýahat ederler. 
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda aýratyn orun berilýän bu ýerdäki gadymy ýadygärlikleriň ýanynda “Şöhratly geçmişden röwşen geljege” we “Beýik Ýüpek ýoluň söhbedi” diýen mowzuklara bagyşlanan duşuşyklar geçiriler, türkmen alymlary täze gazuw-agtaryş işleriniň we gözlegleriň netijeleri barada söhbet ederler.
Wagyz-nesihat ulag düzümine gatnaşyjylar Etrek etrabynyň administratiw merkezindäki ýerli orta mekdepde “Türkmeniň baý geçmişiniň sahypalaryny agtarsak” diýen “tegelek stoluň” başynda ýaş nesliň wekilleri bilen duşuşarlar.
Wagyz-nesihat ýolagçy düzümi ähli meýilnamalaşdyrylan çäreler tamamlanandan soňra yzyna dolanyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň