Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

23:2326.03.2018
0
3842

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Myhman öz ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň wekilçilikli synçylar toparyna iberilen çakylyk we 25-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna görlen taýýarlyk işlerine hem-de onuň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak ugrunda döredilen şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lebedew Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlarynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň uly ähmiýetiniň bardygyny, onuň dowamynda Mejlisiň deputatlary bilen bir hatarda, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany wekilçilikli synçylar toparyna hem-de GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetine netijeli gatnaşyklar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman GDA-nyň çäklerinde deňhukukly, uzakmöhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, hususan-da, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça 2021-nji ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly hökmünde yglan etmek hakynda degişli resminama taýýarlanyldy. Bu teklip GDA ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň