Soňky habarlar

Arhiw

Halkara synçylary saýlawlaryň jemleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdiler

23:0226.03.2018
0
5389

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Onda Mejlisiň deputatlaryna saýlawlara taýýarlyk işlerine we onuň geçirilişine guralan gözegçiligiň netijeleri beýan edildi. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.
Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwletiň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanda saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk şertlerinde hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňliginde üstünlikli, guramaçylykly geçendigini nygtadylar. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, halkara synçylarynyň çagyrylmagy ýurdumyzyň bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejedäki aýanlygyny üpjün etmäge, saýlaw işleriniň açyklygyna gönükdirilen ýörelge hökmünde baha berilýär.
Bu gezekki saýlaw işlerine ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleriniň hem-de raýatlar toparynyň dalaşgärleriniň gatnaşandygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, ähli derejedäki saýlaw toparlarynyň işine ýokary baha berildi, saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrynda hukuk hem-de maglumat üpjünçiliginiň sowatly alnyp barlandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde saýlaw möwsüminiň demokratik derejesiniň barha ýokarlanýandygy aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň