25-nji martda geçirilen saýlawlaryň esasy aýratynlygy

00:0626.03.2018
0
5104

Şu saýlawlarda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata görkezildi.

Saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň ses berişleri on-line düzgüninde 2018-nji ýylyň 25-nji martynda sagat 7-den 19-a çenli görkezildi we şol wagtyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtyna jemi 170 969 adam seretdi, şol sanda jemi 24 377 adam bolsa on-line sahypasyna seredip gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň