Soňky habarlar

Arhiw

31-nji martda Türkmenistanda himiýa senagatyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler

11:0625.03.2018
0
7430

Paýtagtymyzda mart aýynyň soňky gününde Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji martdaky mejlisinde habar berildi.

Öňümizdäki ylmy forumyň gün tertibine ýurdumyzyň senagat ulgamynyň gazanýan üstünlikleri, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, bu babatda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri giriziler. Maslahata daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany pudagyň zähmetkeşleriniň kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ata Watanymyzyň has-da rowaçlanmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşandynyň bardygyny belläp, himiýaçylaryň hünär baýramynyň döwlet derejesinde ilkinji gezek şu ýylda, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda bellenilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny nygtady. Milli Liderimiz halkara ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda anyk görkezmeleri berip, onuň ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işine kuwwatly itergi berjekdigine, tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň