Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Prezidenti 27-28-nji martda Türkmenistanda resmi saparda bolar

08:5025.03.2018
0
3826

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji martda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen döwletiniň Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 27 — 28-nji martda ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryndaky meseleler giriziler. Gepleşikleriň netijesi boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň