Irina Rodnina: “V Aziýa oýunlarynyň täsirinden heniz hem çykyp bilemok”

23:5424.03.2018
0
5232

Russiýaly belli türgen, Olimpiýa oýunlarynyň 3, dünýäniň 10 gezek çempiony, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekili Irina Rodnina ýurdumyza ýygy-ýygydan myhman bolýar. Ol 25-nji martda geçiriljek saýlawlara hem gözegçi hökmünde ýene bir gezek Türkmenistana geldi.

— Hakykatdan-da, soňky ýyllarda Türkmenistana her ýylda, käbir ýyllarda bolsa bir ýylda iki gezek hem gelýärin. Şonda-da Aşgabat şäheriniň ýyldyrym çaltlygynda özgerşine haýran galýaryn — diýip, I.Rodnina pikirlerini paýlaşýar. — Bu ýerde ajaýyp sport toplumlary bar, mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, tutuş şäher gözümiziň öňünde özgerýär, juwanlaşýar. Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň täsirinden bolsa heniz hem çykyp bilemok. Men bu Oýunlaryň her bir çäresine haýran galmak bilen gatnaşdym. Ähli zat ýokary derejede taýýarlanypdyr. Bilşiňiz ýaly, öňki ýyllarda figuralaýyn typmak boýunça iň ýokary baha 6:0-dy, indi türkmen türgenleri garşydaşlaryny 10:0 ýaly uly utuk bilen utup biljek derejede kämilleşdi. Biz Russiýanyň buz hokkeýi federasiýasynyň ýolbaşçysy Wladislaw Tretýakow bilen Türkmenistanda birnäçe gepleşikleri geçirdik. Bu ýerde geljek bilen bagly has uly tutumlary amala aşyryp bolar. Esasy zat bolsa, siziň Prezidentiňiziň sporta uly üns bermegi guwandyryjy ýagdaý. Şeýle ajaýyp sport toplumlary bolan şäherde adamlary sporta çekmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidente çäksiz hoşallyk bildirýärin. Bu ýörelgeleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigine ynanýaryn. Şonuň üçin hem Türkmenistan bilen hemişe pikir alyş-çalşygynda bolmak, asyl-ha, iň ýakyn dostlaryň biri bolmak isleýäris.

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygymyzda bu saýlawlar bilen bagly ähli maglumatlary aldyk we ähli işleri halkara kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyna şaýat bolduk. Türkmenistandaky ozalky saýlawlar hem ýokary derejede geçirilipdi.

Russiýada bir hepde ozal Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlara taýýarlyk döwri biziň üçin ýeňil bolmady.  Taýýarlyk döwründe saýlawçylar, esasan hem ýaşlar bilen köp işleşdik. Olara saýlawlara gatnaşmagyň ähmiýetini, geljekde ýurduň sesini bermekde ýalňyşmak üçin şu günki ýekeje sesiň nähili uly ähmiýete eýedigini düşündirdik. Şeýlelikde, netije garaşanymyzdan hem gowy boldy. Mundan daşary hem, Russiýanyň Prezident saýlawlarynyň ýokary derejede geçmeginde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistana aýratyn hoşallyk bildirýäris. Bu ýerde ýaşaýan köp sanly rus raýatlarynyň öz wagtynda we işjeň ýagdaýda ses bermäge mümkinçilik almagy juda guwandyryjy ýagdaýdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň