Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň topary bilen deňme-deň oýnady

22:5323.03.2018
0
4525

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçýän futbol boýunça milli ýygyndymyz düýn ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda çykyş edýän „Hatta“ topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň gysgaça protokoly:

Hatta (BAE) — Türkmenistan — 3:3

Gollar:

Fernando Gabriel 15', Maher Jassem 30', Ahmed Hanus 31' — Myrat Ýagşyýew 4', Ruslan Mingazow 44', 54'.

Türkmenistanyň düzümi:  2 Zafar Babajanow, 6 Gurbangeldi Batyrow, 8 Merdan Gurbanow, 9 Süleýman Muhadow, 11 Myrat Ýagşyýew, 12 Serdar Annaorazow, 13 Ruslan Mingazow, 14 Umidjan Astanow, 15 Akmyrat Jumanazarow, 18 Serdar Geldiýew (k), 22 Nurgeldi Astanow (d).

Ätiýaçdaky futbolçylar: 4 Döwletgeldi Mirsultanow, 20 Ilýa Tamurkin, 21 Resul Hojaýew, 23 Mekan Aşyrow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň