Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Milli bahar baýramy bilen gutlady

01:2521.03.2018
0
11540

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu halkara bahar baýramynyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan beýik söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan bahar paslynda dünýä bileleşigi tarapyndan giňden bellenýän baýramlaryň biri hem Halkara Nowruz günüdir. Müňýyllyklaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi. Gözbaşyny adamzadyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan bu baýram Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan adamzady parahatçylyga çagyrýan, halklary birek-birek bilen baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan halkara baýram hökmünde yglan edildi hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýetini has-da artdyrmak, medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Nowruz ýaýlasy döredilip, gadymdan gelýän dostlugymyzyň, ak ýürekliligimiziň we myhmansöýerligimiziň özboluşly nyşanyna öwrülen Türkmeniň Ak öýi, şeýle hem «Dostluk» ýadygärligi bina edildi.

Bu ajaýyp halkara baýramyň köp dürli däp-dessurlary Gündogaryň we Günbataryň medeniýetleriniň sazlaşykly ösmegine, aýratyn-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmegine düýpli täsirini ýetiripdir. Dünýä halklary bilen birlikde türkmen halky hem baharyň buşlukçysy — Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, tämiz ahlaklylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Şoňa görä-de, uzak asyrlardan dowam edip gelýän asylly däbimize laýyklykda, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Milli bahar baýramynyň şanyna myhmansöýerligimizi alamatlandyrýan bereketli saçaklarymyz giňden ýazylyp, dürli milli tagamlar taýýarlanylýar, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralaryna badalga berilýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halky nurana bahar baýramyny mukaddes topragymyza yhlasy we söýgini dabaralandyrýan zähmetsöýerligiň baýramy hökmünde hem garşy alýar. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlaryna, sähradyr jülgelerine, bag-bakjalaryna ýagyş damjalarynyň nur-bereket bolup sepelenýän, tutuş tebigatymyzyň täzelenýän bahar çagynda milli sungat derejesine ýetirilen daýhançylyk we maldarçylyk kärini mynasyp dowam edýän merdana watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli, gyzgalaňly döwür başlanýar.

Milli bahar baýramy diňe bir daýhanlarymyzy we maldarlarymyzy däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda tutanýerli, döredijilikli, joşgunly zähmet çekýän halkymyzy täze belent sepgitlere ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň älem-jahana ýaň salmagy, bagtyýar durmuşymyzyň baky berkararlygy, bereketli saçaklarymyzyň dürli-dümen nazy-nygmatlardan dolup durmagy, sahawatly topragymyzdan önjek hasylyň berekediniň egsilmezligi arzuw edilip, täze hasylyň düýbi tutulýar.

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň jebisleşdiriji güýji, ajaýyp däp-dessurlary hem-de ýörelgeleri, şeýle hem bu ajaýyp baýram mynasybetli geçiriljek göwün galkyndyryjy dabaralar mähriban halkymyzy berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň