Arhiw

Telekeçilige goldaw bermegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

22:1420.03.2018
0
6353

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine “2018 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamasyny” hem-de bu döwür üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 16-njy martynda tassyklan Kararyna laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, içerki bazary ýerli önümçiligiň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmek, eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak, hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet maksatnamasynda birnäçe toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutuldy. Ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar. Maliýe-ykdysady we bank ulgamlaryndaky düýpli düzümleýin özgertmeleriň geçirilmeginde, şeýle hem bazar ykdysady şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda anyk çäreleriň wajypdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň