Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy türgenleşik üçin Dubaýa gitdi

18:3419.03.2018
0
14211

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2019-yň saýlama tapgyrynyň çäginde Bahreýniň milli ýygyndysy bilen geçirilmeli duşuşygynyň öňüsyrasy Dubaýda (BAE) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynyň soňky tapgyrynyň duşuşygy 27-nji martda Bahreýniň Manama şäherinde geçiriler.

Milli ýygyndymyzyň resmi wekilleri 29 adamdan ybarat bolup, olaryň 22-si milli çempionatymyzyň bäşiniň hem-de daşary döwletleriniň  ikisiniň toparlarynyň oýunçylaryndan ybarat boldy.

Milli ýygyndymyzyň futbolçylarynyň düzümi:

Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn Asyr») we Batyr Babaýew («Ahal»).

Oýunçylar: Şöhrat Söýünow («Altyn Asyr»), Akmyrat Jumanazarow («Altyn Asyr»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr»), Serdar Annaorazow («Altyn Asyr»), Gurbangeldi Batyrow («Altyn Asyr»), Annasähet Annasähedow («Altyn Asyr»), Begenç Annagurbanow («Şagadam»), Döwletgeldi Mirsultanow («Balkan»), Serdar Geldiýew («Altyn Asyr»), Umidjan Astanow («Altyn Asyr»), Resul Hojaýew («Altyn Asyr»), Ilýa Tamurkin («Merw»), Myrat Annaýew («Ahal»), Mekan Aşyrow («Altyn Asyr»), Merdan Gurbanow («Ahal»), Ruslan Mingazow («Slawiýa», Çehiýa), Arslanmyrat Amanow («Buhoro», Özbegistan), Murat Ýakşiýew («Altyn Asyr»), Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»), Süleýman Muhadow («Ahal»).

Resmi wekiliýet: Çaryýarguly Seýdiýew (toparyň başlygy), Ýazguly Hojageldiýew (baş tälimçi), Goçguly Goçgulyýew (tälimçi), Maksatmyrat Şamyradow (tälimçi), Döwlet Gylyjow (lukman), Begenç Garaýew (owkalaýjy), Kiçigul Kiçigulow (iş dolandyryjy).

Ýeri gelende aýtsak, Bahreýniň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylary saýlama tapgyrynyň tamamlanmagyna bir tapgyryň galandygyna garamazdan, Aziýa Kubogy-2019-yň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Milli ýygyndylaryň iki hem 10 utukdan topladylar, ýöne gol sanynyň artykmaçlygy sebäpli Bahreýniň ýygyndysy birinji orny eýeleýär.

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň