Archive news

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 114-nji orunda

14:1817.03.2018
0
262
Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 114-nji orunda

Türkmenistanyň milli ýygydysy Halkara futbol assosiasiýasynyň (FIFA) täzelenen sanawynda bir basgançak aşak düşüp, 114-nji orny eýeleýär.

Milli ýygyndymyz özüniň nobatdaky duşuşygyny Aziýa Kubogy-2019-yň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynyň çäginde 27-nji martda Bahreýniň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer. Ýygyndymyzyň garşydaşy Bahreýniň milli ýygyndysy täzelenen sanawda 125-nji orny eýeleýär. Geçen aýda resmi duşuşyk geçirmedik ýygyndymyz 292 utugy toplamagy başarypdyr.

Reýtingde dünýäniň hem-de Konfederasiýa Kubogynyň ýeňijisi Germaniýanyň milli ýygyndysy (1609) öňdäki orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Braziliýanyň (1489) hem-de Portugaliýanyň (1360) milli ýygyndylary eýeleýärler.

FIFA-nyň reýtinginiň nobatdakysy 12-nji aprelde täzelener.

Çeşme: “tff.com.tm”

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň