Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Özbegistanyň milli senagat sergisi geçiriler

18:0116.03.2018
0
5777

24-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine  29 — 31-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň milli senagat sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Sergä Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide syýahatçylyk, maşyngurluşygy, energetika, nebit hem-de gaz, dokma, neşirýat işi, himiýa, dag-magdan senagaty, söwda, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, hem-de gurluşyk serişdelerini we tehnikalaryny, deri önümlerini, lukmançylyk serişdelerini hem-de azyk önümlerini öndürýän kompaniýalaryň harytlary görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň