Arhiw

Saud Arabystanynyň Patyşasy türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi

17:4916.03.2018
0
3617

15-nji martda Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Sauddan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy; Hatda, umuman şeýle diýilýär:

«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, ýollan hatyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim.

Siziň Alyhezretiňiziň hatda beýan eden doganlyk duýgularyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin we doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk halkyňyza bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin».

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň